Ýaş Türkmen telekeçileri halkara ussatlar bilen tanyşdyrýarlar

2020-nji ýylyň 26-njy awgustynda ýaş start-up toparlary bilen işlemek üçin bellenen 29 meýletinçi halypa, USAID-iň bilelikde maliýeleşdirýän akselerator maksatnamasy esasynda, şahsy maslahat beriş sessiýalaryny açmak üçin, sanly ulgamda geçirilen tegelek stola gatnaşdy.
Geljek aýyň dowamynda 15 aýry ýurtda ýerleşýän 32 halypa, türkmen telekeçilerine olaryň innowasion iş pikirleriniň we önümleriniň ýerli we halkara bazarlarynda has bäsleşige ukyply bolmaklary üçin ýol görkezer.
Aýry-aýry halypaçylyk kömeklerinden başga-da, maksatnamanyň 50 ýarym finalçysy täjirçilik meýilnamalaşdyryş, elektron söwda, hukuk meseleleri boýunça milli hünärmenler tarapyndan geçirilen okuw we maslahat beriş sessiýalaryndan, şeýle hem halkara “angel” we “venture” maýa goýumçylary bilen toparlaýyn sorag-jogap sessiýalaryndan peýdalandy.
USAID-iň iki taslamasy, “Telekeçiligi ösdürmek” (FGI) we “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” (EYFT) taslamalary we Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşigi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylan bu akselerator maksatnamasy, Türkmenistanda ilkinji şeýle maksatnamadyr. Iýun aýyndan bäri jemi 122 “start-up” üçin paralel inkubasiýa we akselerasiya programmalaryny synagdan geçirýän alty sany ýerli kompaniýa, iň gowy 12 taslamany oktýabr aýynda geçiriljek iň soňky Demo gününe çykarar.
Bu Türkmenistandaky ýaş telekeçiler üçin diňe bir tejribeli işewür adamlardan we hünärmenlerden tälim almak üçin gowy bir purdat bolmak bilen çäklenmän, eýsem esasan hem olaryň tehnologiýa pudagyndaky täze pikirlerini we önümlerini sebit we dünýä bazarlaryndaky bäsleşik ukybyny barlamak üçin seýrek bir mümkinçilikdir. Netijede, telekeçiler öz iş modellerini kämilleşdirip, halkara işewürlik tanyşlyklaryny gurup bilerler. Şeýlelikde, bu iş Türkmenistanda umumy iş gurşawyny gowulaşdyrmaga we tehnologiýa boýunça ýaşlar, ýaş telekeçiler we aýallar üçin üstünlikli ösüş mümkinçiliklerini giňeltmek maksatnamasyny amala aşyrýar.