Türkmenistanda StartUp’a goldaw beriň! Halypa boluň!

Türkmenistanda ýa-da daşary ýurtlarda tejribeli telekeçi, söwda geňeşçisi ýa-da IT/ tehnologiýa hünärmeni bolsaňyz, meýletinlik bilen ýaş StartUp toparynyň halypasy (mentory) hökmünde Türkmenistanda ilkinji StartUp tizleşdiriş (akselerasiýa) maksatnamasyna gatnaşyp bilersiňiz. StartUp ekosistemany döretmek (SEC) adyndaky maksatnama USAID-iň iki taslamasy, FGI & EYFT we Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşigi (http://startup.tyb.com.tm/) tarapyndan dolandyrylýar.
Islegi bolan halypalar üçin bu jemgyýete goşant goşmak, has gowy lider bolmak we öz başarnyklaryny we tanyşlaryny kämilleşdirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Bilşiňiz ýaly, başlangyç esaslandyryjylaryň netijeliligi we önümleriniň bazara çykyşy olaryň gowy halypasy bolanda has hem aňsatlaşýar we çaltlaşýar.
Siziň teklibiňiz 50 töweregi ýarym finala gatnaşyjy bilen paýlaşylar, soň bolsa belli bir gatnaşyjyny özüňüz saýlamagyňyz üçin siziň halypalygyňyz bilen gyzyklanýanlaryň profilini alarsyňyz. Halypalyk, siziň isleýän meýilnamaňyza we formatyňyza görä 15-nji awgust we 15-nji sentýabr aralygynda geçiriler.
Şeýlede hem, 14-nji awgustda ABŞ-dan gatnaşjak bir maýa goýumjynyň gatnaşmagynda onlaýn maslahat we (Venture Capital) maýa goýum tejribesini paýlaşmak diskussiýasyna gatnaşmaga mümkinçilik alarsyňyz.
StartUp’lar bilen sizi duşuşdurmaga we Türkmenistanda bu öňde baryjy başlangyjyň netijelerini görmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys!

StartUp Ekosistemany Döretmek (SEC) maksatnamasy nämeden ybarat?

Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşigi (TYB), USAID-iň Telekeçilgi goldamak boýunça maksatnamasy (FGI) we USAID-iň Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösmegine ýardam bermek (EYFT) taslamasy we işewür inkubator / tizlendiriji bolmak isleýän alty sany ýerli okuw merkezi, maslahat beriş kompaniýalary we işe alyş guramalary 2020-nji ýylyň iýul-sentýabr aýlarynda üç aýlyk başlangyç inkubasiýa / tizlenme programmasyny synagdan geçirmek üçin bilelikde işe başlady.
Bu taslamanyň çäginde “halypa kompaniýalar” diýlip atlandyrylýan alty kompaniýa jemi 100 töweregi gatnaşyjyny üç basgançakdan ybarat maksatnama üçin saýlady:

  1. Akademiýa (100 gatnaşyjy üçin, 2020-nji ýylyň iýuly)
  2. Tizlendirme (Akselerasiýa) (50 topar üçin, 2020-nji ýylyň awgust-sentýabr aýlary)
  3. Demo güni (10-12 sany StartUp’laryň bäsleşigi; 2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyry)

Hasaba alyş:

Isleg bildirýän halypalar üçin anketa şu sahypada: https://forms.gle/vyXbDEEFRNhVcyFZA
Arza bermegiň iň soňky güni – 2020-nji ýylyň 27-nji iýuly, emma bu günden soň tabşyrylan arzalar hem serediler.

Habarlaşmak üçin:

Gülälek Wolmämmedowa
USAID/FGI hünärmeni
Telefon: +993 64 407412
gulalek.volmammedova@thepalladiumgroup.com