2020-nji ýylyň oktýabr aýynyň 20-23-nde USAID-iň “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” taslamasynyň we telekeçiligi we işewürlik-gurşawyny ösdürmek boýunça taslamasynyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi tarapyndan amala aşyrylan “Startap-ekoulgam” maksatnamasynyň jemleýji çäreleri onlaýn görnüşinde geçirildi.
Çäreleriň birinji gününde, oktýabr aýynyň 20-nde, halypa kompaniýalarynyň hersinden 2-den saýlanan iň gowy 10 startap-toparlaryň gatnaşmagynda ýaşlar innowasion startap-taslamalarynyň jemleýji bäsleşigi (Demo-gün) geçirildi. Gatnaşyjy toparlarlaryň wekilleri öz startap-taslamalaryny “5+5” (5 minudyň dowamynda çykyş we 5 minut sorag jogap üçin) tertibinde emin agzalaryna hödürlediler.
Maksatnamanyň ikinji jemleýji çäresi – “InnoPitch-2020” pitç-prezentasiýalarynyň onlaýn-bäsleşigi finala çykmadyk ýarym-finalçy startap-toparlaryň 17-niň gatnaşmagynda oktýabr aýynyň 21-nde geçiridi. Bu gezek bäsleşige gatnaşyjylar eminleriň öňünde “3+2” tertibinde öz pitçleri bilen çykyş etdiler.
Oktýabr aýynyň 23-nde “Startap-ekoulgam” maksatnamasynyň ýeňijileri hem-de baýrakly orunlary eýelänleri yglan etmek we sylaglamak onlaýn-dabarasy boldy. Ygtyýarly eminleriň çözgüdi netijesinde aşakdaky görkezilen gatnaşyjylar jemleýji bäsleşikleriniň baýrakly orunlarynyň eýeleri we ýeňijileri boldular:
“InnoPitch-2020” pitç-prezentasiýalarynyň bäsleşigi:
Ýeňiji – “Energoaudit, termiki şekillendiriş barlagy” startap-taslamasy, Atamyrat Arazow;‘
Ýaşlar innowasion startap-taslamalarynyň jemleýji bäsleşigi:
“Sanly innowasiýa” nominasiýasynda ýeňiji – “Ylym-Doganlary” startap-taslamasy, Muhamedali Halmedow;
3-nji orun – “Çalt iş” frilans platformasy” startap-taslamasy, Ýuliýa Zikratyh;
1-nji orun – “SINA.AI” startap-taslamasy, Jelaleddin Sultanow.
Ýeňijileri hem-de baýrakly orunlary eýelänleri gutlaýarys we olara startaplarynyň üstünlikli ösmegini arzuw edýäris!