“Startap-ekoulgam” maksatnamasynyň ýaşlar innowasion startap-taslamalarynyň bäsleşiginiň ilkinji finalçylary belli boldy.

Häzirki wagtda USAID-iň “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” taslamasynyň we telekeçiligi we işewürlik-gurşawyny ösdürmek boýunça taslamasynyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi tarapyndan amala aşyrylýan “Startap-ekoulgam” maksatnamasynyň startaplary tizlendirme tapgyry tamamlanyp barýar. Eýýäm iki halypa kompaniýalarynda saýlama çäreleri geçdi we maksatnamanyň çäklerindäki ýaşlar innowasion startap-taslamalarynyň bäsleşiginiň final tapgyrynyň ilkinji gatnaşyjylary ýüze çykaryldy.

2020-nji awgust aýynyň 22-nde “MCT Agency” halypa kompaniýasynyň rezidentleriniň startaplarynyň “demo-güni” onlaýn-görnüşinde geçirildi. Onlaýn-çärä treningleri, webinarlary, bilermenleriň we tejribeli işewürleriň maslahatlaryny öz içine alýan intensiw maksatnamasyny geçen toparlaryň içinden saýlanan startap-toparlarynyň 10-sy gatnaşdy. Saýlama “demo-gününiň” eminleri jemleýji “Demo-gününe” gatnaşmak üçin iň gowy 2 startap-taslamalary saýladylar. 

2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň 18-nde “Turkmen-IT Park” halypa kompaniýasy baş bäsleşige gatnaşmak üçin iki startapy saýlamak üçin “demo-güni” geçirdi. Bäsleşigiň bu tapgyryna göýberilen iň gowy 6 startap-toparlary öz innowasion biznes-taslamalary bilen ygtyýarly eminler öňünde onlaýn görnüşinde çykyş etdiler. Çäräniň netijesinde maksatnamanyň bäsleşginiň finalynda “Turkmen-IT Park” kompaniýasyna wekilçilik etjek iki startap-topary kesgitlenildi.

Okýabr aýynyň başlarynda beýleki halypa kompaniýalarynda saýlama “demo-günleri” geçiriler, bu bolsa 2020-nji ýylyň oktýabr aýynyň 20-nde ZOOM platformasynda onlaýn görnüşinde geçiriljek “Startap-ekoulgam” maksatnamasynyň çäklerindäki ýaşlar innowasion startap-taslamalarynyň bäsleşiginiň final tapgyryna gatnaşyjylaryny sanawynyň düzülmegini tamamlar. 

Ilkinji finalçylary gutlaýarys we olara finalda üstünlik arzuw edýäris!