“Startap-ekoulgam” maksatnamasynyň okatmak tapgyryna badalga berildi

2020-nji ýylyň iýul aýynyň 4-ne “Startap-ekoulgam” synag maksatnamasynyň akademiki bölegi – okatmak tapgyry üstünlikli başlandy. Bu tapgyrda işewürlik-akademiýalaryň rolyny ýerine ýetirýän, alty sany halypa kompaniýalary maksatnamanyň 100-den gowrak rezidentleri (gatnaşyjylary) üçin trening, webinar we maslatahlar görnuşinde telekeçilik we soft-skills boýunça okadyş çareleri geçirip başladylar. “Akademiýa” tapgyrynda ýaş gatnaşyjylar telekeçiligiň esaslary, işewürlik-ideýalary işläp düzmek, toparlary döretmek, işewürlik-meýilleşdirmek, marketing we beýleki temalar boýunça, öz işewürlik-startapynyň üstünlikli ýola goýmak üçin zerur bolan bilimlerini we başarnyklaryny artyrarlar we gowulandyrarlar. Bu tapgyr 2020-nji ýylyň awgust aýynyň başynda tamamlanar we soňra halypa kompaniýalar tarapyndan saýlanan we toparlara düzülen startapçylar “Startap-ekoulgam” maksatnamasynyň tizlendirme (akselerasiýa) tapgyryna geçerler.