“Startap-ekoulgam” maksatnamasynyň çäklerinde startap-taslamalary döretmekde we ösdürmekde ýaş telekeçilere milli bilermenler ýardam berýärler.

Häzirki wagtda ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID)  iki taslamasynyň – Türkmenistanda JA Worldwide kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” we Palladium Group kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän telekeçiligi we işewürlik-gurşawyny ösdürmek boýunça taslamanyň goldaw bermeginde “Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi” Milli jemgyýetçilik birleşigi tarapyndan amala aşyrylýan “Startap-ekoulgam” maksatnamasynyň çäklerinde güýçli depginli çäreler dowam edýär. Okatmak (Akademiýa) tapgyry üstünlikli tamamlanandan soň halypa kompaniýalary webinarlary, onlaýn-treningleri, maslahatlary we halypaçylygy öz içine alýan startap-taslamalaryny tizlendirme tapgyry üçin 50-den gowrak ýaş startapçylary – maksatnamanyň ýarymfinalistlerini saýlap aldylar.

“Startap-ekoulgam” maksatnamasynyň tizlendirme tapgyrynda halkara biznes-maslahatçylar bilen bir hatarda USAID / JA Worldwide “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” taslamasynyň milli bilermenleri startap-toparlara maslahat kömegini berýärler. Bu maslahatlar öz rezidentleri – startapçylary bilen gönümel iş alyp barýan halypa kompaniýalara goldaw hökmünde berilýär. Bu iş uzak aralykda, şol sanda webinarlar we ýekebara maslahat beriş görnüşinde, alynyp barylýar.

2020-nji ýylyň awgust aýynyň 12-nde we 13-nde “Telekeçilik işiniň hukuk esaslary” temasynda türkmen we rus dillerinde iki webinar üstünlikli geçirildi. Webinaryň barşynda Türkmenistanda telekeçiligiň kanun binýady, kiçi we orta telekeçiligi hökmünde hasaba alnyşyň tertibi we amallary, ygtyýarlandyrma we sertifisirleme, telekeçileriň işgärler bilen hukuk gatnaşyklary, salgyt salnyşy ýaly meseleleriň we beýleki meseleleriň üstünde durulyp geçildi.  Bu webinarlara halypa kompaniýalarynyň rezidentleriniň jemi 54-si  gantaşdy.

Webinarlaryň alyp baran – Wepa Aşyrow, hukukçy-maslahatçy we telekeçilik hukugy boýunça tälimçi. W.Aşyrowyň Türkmenistandaky ýokary okuw mekdeplerinde hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň telekeçilik mekdebinde 7 ýyldan gowrak hukuk dersleri boýunça mugallymçylyk tejribesi bar. Ol raýat hukugy boýunça aspiranturany tamamlan we birnäçe ylmy makalalaryň awtory.

Awgust aýynyň 17-18 aralygynda tizlendirme tapgyryň çäklerinde ýene bir onlaýn-çäreleri – “Elektron täjirçiligi — netijeli söwdanyň şu güni we geljegi” temasynda türkmen we rus dillerinde webinarlar üstünlikli geçirildi. Şu webinarlaryň netijesinde gantaşyjylar elektron täjirçiligiň ösüşiniň tendensiýasy we mümkinçilikleri bilen tanyşdylar, ýalňyşmak töwekgelçiligini we maliýe ýitgilerini azaldyp öz internet-dükanyňy nädip döretmekligi we öňe sürmekligi, SMM-marketingiň tilsimatlary, töleg ulgamlary we

e-täjirçiligiň beýleki köp taraplary barada öwrendiler. Webinarlaryň barşynda elektron täjirçiliginde logistika üpjünçiligiň wajyplygyna aýratyn üns berildi. Bu webinarlarda halypa kompaniýalarynyň rezidentleriniň – startap-topralarynyň agzalarynyň  jemi 46-sy gatnaşdy.

Webinarlary Arzuw NEWS habarlar agentliginiň esaslandyryjysy we direktory Azat Seýitmuhammedow alyp bardy. Ol şeýle-de, Türkmenistanda iri internet-dükanlarynyň biri bolan – Wabrum.com esaslandyryjysy bolup durýar hemelektron söwda we elektron marketing ugurlary boýunça konsaltingde uly tejribesi bar

2020-njy ýylyň awgust aýynyň 15-nde, 22-nde we 29-nda “Startap-ekoulgam” maksatnamasynyň rezidentleri bilen biznes-meýilleşdirmek boýunça nobatdaky onlaýn-maslahatlar geçirildi. Berilen maslahatlar biznes-meýilnamalary düzmek ýaly meseleleri bilen baglanşykly boldy, biznes-meýilnamalaryň dürli görnüşlerine seredildi, hem-de onlaýn-sessiýalarda gatnaşyjylar bäsdeş gurşawyny kesgitlemegiň usullary we gurallary barada we bazardakylar bilen tapawutlykda öz artykmaçlyklaryna nädip baha bermek barada bilimlerini artyrdylar. Startapçylar önümi bazarda öňe sürmek meseleleri boýunça hem maslahatlar aldylar.

Onlaýn-maslahatlary biznes-meýilleşdirmek boýunça bilermen we biznes-tälimçi Sabina Ismailowa alyp bardy. Ol maliýe hasabatlylygynyň auditi, maliýe seljerilişi, biznes-meýilnamalary döretmek we maliýe çaklamalary boýunça işleri öz içine alýän konsaltingde 2006-njy ýyldan häzirki wagta çenli. 60-dan gowrak ýerli we daşary ýurt kompaniýalary, şeýle-de halkara guramalary we taslamalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Häzirki wagtda milli bilermenler ýaňy başlaýan telekeçilere öz startap-taslamalaryny ýokary hilli döretmekde kömek berýän ýekebara maslahatlar görnüşinde startapçylara goldaw bermekligini dowam edýärler