“STARTAP-EKOULGAM” MAKSATNAMASYNYŇ ÇÄKLERINDÄKI ÝAŞLARYŇ INNOWASION STARTAP-TASLAMALARYNYŇ BÄSLEŞIGINIŇ FINALY

Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi  USAID-ň “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” taslamasynyň we USAID-ň Türkmenistanda telekeçiligiň we biznes-gurşawyň ösüşi boýunça taslamasynyň goldaw bermeginde amala aşyrylýan,  “Startap-ekoulgam” maksatnamasynyň çäklerinde ýaşlaryň innowasion startap-taslamalarynyň bäsleşiginiň final böleginiň geçirilýändigi barada yglan edýär. Final bilen bagly çäreler 2020-nji ýylyň 20-23-nji oktýabrynda ZOOM platformasynda onlaýn geçiriler we öz içine aşakdakylary alar:

  • 20-nji oktýabr, 17.00: Finala çykanlar üçin demo-gün (öz mentor kompaniýalarynda 1-2 orny eýelän startap-taslamalar);
  • 21-nji oktýabr, 17.00: Finala çykmadyk ýarym finalistleriň “InnoPitch-2020” pitç-prezentasiýalarynyň bäsleşigi;
  • 23-nji oktýabr, 17.00: Bäsleşigiň ýeňijilerini we baýrakçylaryny sylaglama dabarasy.

Çäreler barada doly maglumat we bellige alyş üçin salgylanmalar ýakyn wagtda elýeter bolar. Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesiniň saýtynda “Startap-ekoulgam” maksatnamasynyň sahypasynda täzeliklere serediň: http://startup.tyb.com.tm