Motiwirleýji onlaýn sessiýa

2020-nji ýylyň 9-njy iýulynda USAID-ň Türkmenistandaky iki taslamasy – USAID-ň telekeçiligiň we biznes-gurşawyň ösüşi boýunça taslamasy hem-de Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek boýunça taslamasy – Milli jemgyýetçilik birleşigi “Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi” bilen bilelikde Türkmenistandaky “Startap ekoulgam” maksatnamasynyň 100 töweregi rezidentleri üçin Giriş/Motiwirleýji onlaýn sessiýasyny (sorag-jogap görnüşde) geçirdiler. Maksatnamanyň çäklerinde biznes-konsalting, işgärleri okatmak we saýlap almak boýunça, Türkmenistanda yzygiderli we durnukly esasda startaplaryň akselerasiýasynyň maksatnamalaryny başlan, alty sany kompaniýa çekildi. Günbatar we gündogar-ýewropa bazarlarynda startap-ekoulgamy işläp taýýarlamakda we ösdürmekde 10 ýyldan gowrak tejribeleri bolan, Ženýa Rozinskiniň we Maks Gurwisiň ýolbaşçylygynda,  giriş/motiwirleýji sessiýanyň çäginde inkubasiýanyň we akselerasiýanyň  okgunly prosesi, startapyň düýbüni tutujynyň we startap-önümiň geçýän tapgyrlary ýaly meselelere seredildi, şeýle-de,  startapyň inkubasiýasynyň/akselerasiýasynyň maksatnamasynyň bir bölegi bolmak mümkinçiligini nädip has gowy ulanyp boljakdygy barada maslahatlar berildi. Geçen hepdede başlan we sentýabra çenli geçiriljek umumy sessiýalar, alty mentor kompaniýalary üçin şahsy okuwyň we akselerasiýanyň maksatnamalarynyň üstüni ýetirerler. Ähli maksatnamalaryň jemi boýunça 12 sany startap-komanda bäsleşigiň finalistleri bolarlar, bu ýerde ýeňijiler kesgitlenerler. Startaplar üçin birinji giň gerimli maksatnamanyň ýüz töweregi rezidentleri startaplaryň, startap-ekoulgamyň we akseleratorlaryň ösüşiniň konsepsiýasy bilen tanyşdylar. Alty sany mentor kompaniýalardan has üstünliklisi bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary berkitmek, ýaşlaryň telekeçiligini ösdürmek üçin şertleriň gowulanmagyna we ýaşlar üçin täze iş ýerleriniň döremegine getirer.