Birinji onlaýn-konferensiýa

“Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi” tarapyndan, Türkmenistandaky ABŞ-ň halkara ösüş boýunça Agentliginiň (USAID) iki taslamasynyň, “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” we Telekeçiligiň we biznes-gurşawyň ösüşi boýunça taslamasynyň goldaw bermeginde amala aşyrylýan, “Startap-ekoulgam” maksatnamasynyň çäklerinde maksatnamanyň başlanmagyna bagyşlanan birinji onlaýn-konferensiýa geçirildi.
Zoom platformasynda guralan onlaýn-çäre ýaş telekeçileri – maksatnamanyň gatnaşyjylaryny, onuň guramaçylaryny, ekspertleri, mentor kompaniýalarynyň wekillerini, başga ýurtlardan meňzeş maksatnamalaryň uçurymlaryny jemledi.
Onlaýn-konferensiýany Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesiniň başlygy Ýuriý Aronskiý açdy. Şeýle-de, gatnaşyjylary Türkmenistandaky USAID-ň taslamalaryny dolandyrmak boýunça hünärmeni Serdar Ýagmyrow, JA Worldwide-ň operasion direktory Kerolaýn Jenner, USAID-ň Telekeçiligiň we biznes-gurşawyň ösüşi boýunça taslamasynyň direktory Filip Stoýanowiç, USAID-ň Türkmenistandaky “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” taslamasynyň direktory Aýna Baýramowa gutladylar. Konsalting, trening işi we IKT – tehnologiýalarynda tanymal adamlar bolup durýan hem-de özlerini mentor kompaniýalaryň rolunda synap görmek kararyna gelen, mentor kompaniýalaryň direktorlary öz işleri we maksatnama göz ýetirişleri bilen tanyşdyrdylar. Türkmenistandan we Gazagystandan startaplary döretmek we ösdürmek maksatnamalarynyň gatnaşyjylary we uçurymlary özlerinde galan täsirleri we tejribeleri barada aýdyp berdiler.
Guramaçylar we halypalar öz tejribeleri barada aýdyp berdiler, ýaňy başlaýan telekeçileri gutladylar we olara startap-taslamalaryny amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etdiler. Maksatnama gatnaşmagyň prosesinde ýaş telekeçileriň biziň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda innowasion biznesleri öňe sürmekde üstünlik gazanan, Türkmenistandan we beýleki ýurtlardan ekspertleriň biliminden we tejribelerinden peýdalanyp biljekdikleri nygtaldy.
Konferensiýanyň maksatnamasy (link)
Onlaýn-konferensiýanyň wideoýazgysy (link)
Goşmaça maglumaty şu ýerde okap bolar: https://arzuw.news/startap-jekosistema-v-turkmenistane-programma-sjet-nabiraet-oboroty