Türkmenistanda startaplar üçin ekoulgamy döretmegiň maksatnamasy

Ýuriý Aronskiý

Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesiniň başlygy

Häzirki zaman şertlerde islendik ýurduň ösüşini indi tebigy baýlyklar däl-de, eýsem, ylym we bilim kesgitleýär. Bu ugurda esasy faktorlar jemgyýetiň intellektual potensialyny ulanmak we ykdysadyýet gurşawyna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak bolup durýar. Bu proses öňde baryjy tehnologiýalaryň, düýpli we tejribe ähmiýetli barlaglaryň ulanylmagyna esaslanandyr. Türkmenistanda ylym we bilim döwlet mümkinçilikleriniň potensialyny ösdürmegiň guraly, şeýle hem, jemgyýeti hereketlendiriji güýç bolup durýar. Milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin 2018-nji ýylda hökümet tarapyndan 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy işlenip taýýarlandy we tassyklandy, bu ýerde innowasion IT önümlerini döretmek wajyp rol oýnaýar. Biz startaplary döretmek – ykdysadyýet üçin täze ideýalary gözlemek we ösdürmek boýunça tejribe maksatnamasyna başlaýarys. Maksatnamanyň maksady – üstünlikli halypa kompaniýalary bilen ylalaşykly hereketiň hasabyna Türkmenistanda innowasion bazaryň potensialyny giňeltmek, bu kompaniýalara geljekde bu ugurda üstünlikli işlemekleri üçin zerur bolan bilimiň derejesini we endikleri bermek. Ondan başga-da, biz ýaşlaryň telekeçiligini ösdürmek üçin şertleri gowulandyrmaga we ýokary tehnologiýa bilen bagly köpräk täze iş ýerlerini döretmäge umyt edýäris. Halypa kompaniýalaryň we olaryň kömegi bilen döredilen startaplaryň işleriniň netijelerine hem ýerli, şeýle hem, daşary ýurt ekspertleriniň baha berjekdiklerini belläp geçýärin (onlaýn-režimde).

Maksatnamanyň guramaçylary

Maksatnama syn

“Startaplar üçin ekoulgamy döretmek” – bu “Startap-ekoulgam” maksatnamasynyň tejribe taslamasy. Maksatnama Milli jemgyýetçilik birleşigi “Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi” tarapyndan Halkara ösüş boýunça (USAID) ABŞ-ň agentliginiň iki taslamasynyň – Türkmenistanda JA Worldwide kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” we Palladium Group kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän telekeçiligiň we işewürlik-gurşawynyň ösüşi boýunça Taslamanyň goldaw bermeginde amala aşyrylýar.
Bu taslama ýurtda akselerasiýa – işewürlik ugry boýunça hyzmatlar bazaryny döretmäge we ösdürmäge gönükdirilendir. Bu, öz gezeginde, ýaşlaryň innowasion telekeçiligini ösdürmek we täze iş ýerlerini döretmek üçin şertleriň gowulanmagyna getirer.

Tejribe taslamasynyň çäklerinde alty sany halypa kompaniýalary telekeçi bolmak isleýän we original innowasion işewürlik-ideýalary bolan ýaşlardan 90-100 sany adamy saýlarlar. Indiki tapgyrda halypa kompaniýalary işewürlik-akademiýanyň rolyny ýerine ýetirerler, bu ýerde maksatnama gatnaşyjylar işewürligiň esaslary, işewürlik-ideýalary we toparlary döretmek, önümi ösdürmek we beýleki temalar boýunça birnäçe treningleri we webinarlary geçerler. Soňra halypa kompaniýalary seminarlary, maslahatlary we öňde baryjy milli we halkara ekspertleri tarapyndan halypaçylygy utgaşdyrýan akselerasiýa tapgyry üçin gatnaşyjylary saýlarlar. Taslamanyň finaly bolup iň gowy startap-taslama bäsleşik bolar, oňa her halypa kompaniýasyndan iki-üç startap-taslama gatnaşarlar.

“Startaplar üçin ekoulgamy döretmek” taslamanyň tapgyrlary:
1. Gatnaşyjylary çekmek we saýlamak
2. Okatmak tapgyry (“Akademiýa”)
3. Akselerasiýa tapgyry
4. Iň gowy startap-taslama bäsleşiginiň ýarym finaly (“saýlaw güni”)
5. Iň gowy startap-taslama bäsleşiginiň finaly (“Demo – güni”)


Synag taslamasynyň netijesinde alty sany halypa kompaniýalary täze kompaniýalary döredýän ýaş telekeçileri saýlamagyň, guramagyň we olar bilen iş geçirmegiň tejribesini we usulyýet endiklerini alarlar. 18 ýaşdan 30 ýaşa çenli 100 sany ýaş adamlar telekeçilik we şahsyýet ara aragatnaşygyň endiklerini alarlar. 10 sany startap-taslama işlenilip taýýarlanar we onuň amala aşyrylmagy başlanar, onuň çäklerinde kiçi işewürlikde ýaşlar üçin 30 sany iş ýeri dörediler. Strategik netije bolup, Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesiniň startaplar üçin işewürlik-inkubatorlary w işewürlik-akseleratorlary goldamak boýunça infrastrukturalary we maksatnamalary döretmegi bolar.

Mentor kompaniýalary

Köp berilýän soraglar

Ýönekeý sözler bilen – bu girdeji almak üçin döredilen, düýbünden täze maliýe taslamasy. Ady ýaňy-ýakynda açylan işewür-taslamalaryň hemmesi üçin gabat gelmeýär. Tapawutlanýan tarapy – startaplaryň mundan öň giň formatda ulanylmadyk, original we düýbünden täze ideýalary. Olar oňat wariantlardan göçürilmedik, tersine meseläniň çözgüdine özboluşly garaýyşy görkezýär.

Ady iňlis sözünden to accelerate — tizleşdirmek gelip çykýär. Akselerator – bu startaplar üçin intensiw bilim bermek maksatnamasy. Ol önümi kämilleşdirmäge we işewürligi düýbünden täze derejä çykarmaga kömek berýär. Düşünje hem edarany, hem bilim maksatnamasyny beýan edýär.

Bu ştatynda buhgalterler we programmaçylardan başlap psihologlara çenli, dürli ugurly hünärmenleri bolan ýörite gurama. Professionallaryň topary ýaňy başlaýan startaperlere hususy ideýalaryny durmuşa geçirmäge kömek berýär.

Bilimi, durmuş kapitalyny we psihologiki goldawy resmi däl görnüşde bermegiň prosesi, öz gezeginde zähmet, karýera ýa-da professional ösüş üçin ähmiýetli hökmünde kabul edilýär; mentorlyk has köp tejribe we bilim alan tarapyň (mentoryň) we olary talap edýän tarapyň (howandarlyk edilýän adamyň) arasyndaky uzak möhletli resmi däl aragatnaşygy göz öňünde tutýar.

Seriýaly telekeçi – üstünlikli işewürligi döreden, onda pul gazanan, soňra bolsa, ony satyp we ondan çykan adam. Şeýle telekeçiler bir ýeke-täk ideýada ünslerini jemlemeýärler, olar düýpgöter üýtgeşik işewür-konsepsiýalary amala aşyrmaga çalyşýarlar.

Işewür-perişde (iňlis sözünden, angel, business angel, angel investor we beýl.) — kompaniýalara ösüşiň irki tapgyrlarynda maliýe we ekspert goldawyny berýän, şahsy wençur maýa goýujysy

1
sany MENTOR KOMPANIÝALARY
1
sany
gatnaşyjylar
1 +
sany
IŞEWÜR-IDEÝALAR
1 +
SAGATLYK TRENINGLER WE MASLAHATLAR

Maksatnamanyň Maslahatçylary we Ekspertleri

Azat Seýitmuhamedow
Arzuw NEWS
maglumat agentliginiň düýbüni tutujysy we direktory
Şeýle-de, Türkmenistanda iri internet-magazinleriniň biri bolan - Wabrum.com. düýbüni tutujysy bolup durýar. Elektron söwda we elektron marketing ugurlary boýunça konsaltingde uly tejribesi bar. 2012-nji ýyldan bäri BAS (Business Advisory Services) maksatnamasy boýunça ÝÖTB-ň hyzmatdaş-maslahatçysy bolup durýar, onuň çäklerinde elektron söwda gurşawynda 20-den gowrak taslamany amala aşyrdy. KMS boýunça Go Viral festiwaly, InternetCA forumy we Merkezi Aziýanyň OSCE konferensiýasy ýaly halkara meýdançalarynda köpçülik öňünde çykyş etmek tejribesi bar.
Sabina Ismailowa
Işewür trener-maslahatçy
Konsaltingde maliýe hasabatlylygynyň auditi, maliýe seljerilişi, işewür-meýilnamalary döretmek we maliýe çaklamalary boýunça işleri goşmak bilen, 2006-njy ýyldan häzirki wagta çenli. 60-dan gowrak ýerli we daşary ýurt kompaniýalary, şeýle-de, USAID/JA Worldwide, EBRD ýaly halkara guramalary/taslamalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. 2015-nji ýyldan - Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesindäki maslahatçylar bölüminiň agzasy. Okatmak tejribesi - Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetindäki lektorlygy/seminarlary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesindäki Biznes mekdebinde okatmagy, «Pragma Corporation» “Counterpart Turkmenistan”, JA Worldwide (USAID) ýaly halkara taslamalary bilen hyzmatdaşlygy goşmak bilen, 1998-nji ýyldan häzirki wagta çenli

Maksatnamanyň Mentorlar

Akmämmedow Akmämmet

Ykdysatçy - telekeçi. Türkmenistandaky ilkinji ätiýaçlandyryş dellaly bolan kompaniýanyň direktory. Türkmenistanyň bank ulgamynda on bäş ýyllyk iş tejribesi bar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy. Döwlet neşirlerinde çap edilen birnäçe seljeriş makalalarynyň awtory. Häzirki wagtda ätiýaçlandyryş, maliýe, gurluşyk we oba hojalyk çygyrlarynda telekeçilik işini milli we halkara derejede alyp barýar. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýär.

Braýan
Marrinan

Innowasiýa pudagynda maýa goýumdar, halkara spiker we lider. Ol 20 ýyldan mundan ozal ABŞ-nyň Boston şäherinde dünýäde ilkinji Fintech inbukatoryny döretdi, soňra bolsa 14 ýyl mundan ozal Irlandiýada ilkinji akselerator startaplarynyň düýbüni tutdy. Häzirki wagtda Braýan startaplara ulalmaga we halkara derejesine çykmaga, döwlet, şeýle-de hususy eýeliçikli uly guramalara bolsa içki innowasiýalary girizmäge kömek berýän ýöriteleşdirilen innowasion kompaniýasy Journey Partners-iň dolandyryjy hyzmatdaşy bolup durýar. Olar awiasion lizing pudagynda dünýäde ilkinji innowasiýalar laboratoriýasyny, Latyn Amerikada awiasiýa we syýahatçylyk pudagynda ilkinji innowasiýalar laboratoriýasyny (www.VivaAirLabs.com) we birnäçe beýleki maksatnamalary döretdiler. Braýan şeýle-de Propeller Shannon gaznasy arkaly 19 sany halkara kompaniýalara maýa goýdy.

Jorj
Dimitriu

Alexander Innovation Zone S.A.-nyň maslahatçysy. Onda ylymlaryň magistri derejesi bar. Germaniýadaky Darmştadt tehniki uniwersitetiniň matematika we informatika boýunça bakalawr derejesi we ABŞ-nyň Täze Orlean uniwersitetiniň iş dolandyryş boýunça derejesi bar. Jorjuň şu aşakdakylar boýunça giň we ähmiýetli (35 ýyldan köp) tejribesi bar: · 20 sany ýurtda halkara tehniki kömekçi uly taslamalaryň eksperti ýa-da taslamanyň direktory, toparlaryň ýolbaşçysy hökmünde, · Taslamada, meýilleşdirmekde, adam çeşmelerinde, howplary dolandyrmakda, dolandyryş gurluşlarynda, şeýle-de ösüş maksatnamalaryna we taslamalaryna baha bermekde we monitoringde, · IKT ulgamlaryny, elektron hökümeti (salgyt we gümrük edaralary), elektron işewürligi işläp taýýarlamakda, işe goýbermekde we baha bermekde, · Geçişli ykdysadyýeti bolan ýurtlaryň döwlet guramalarynda informasion tehnologiýalar we işewürlik-meýilnamalar boýunça okuw materiallaryň okuwyny we taýýarlygyny özünde jemlemek bilen potensialy güýçlendirmekde.

Olga
Troýan

“Startup Imagery Ward”-yň bilelikdäki esaslandyryjysy we baş direktory Ol 11 ýyldan hem köp professional hukukçy bolup durýar. Onda 5 ýyl dolandyryş boýunça tejribesi bar. Ol 12 ýyldan hem köp terbiýeçi boldy. Onuň gözegçiligi astyndaky birnäçe adamlar sülçi, kazy, menejer boldy. Ol (FakesKiller; NASA Space Challenge Dnipro priloženiýalary we beýleki) startaplary dolandyrdy we maslahat berdi. Onuň ähli işlerde başy çykýar. 40-dan hem köp dürli endikleri (psihologiýa, fotografiýa, jemgyýetçilik çykyşlary we ş.m.) özleşdirdi.

Nenad
Nikolin

Tapgyrly telekeçi, işewürlik boýunça maslahatçy we startapyň ýolbaşçysy. Taslamalary meýilleşdirmeklige, dolandyrmaklyga we gözegçilik etmeklige ýöriteleşýän, IKT pudagynda işini alyp barýan Fractal Dimension konsalting kompaniýasynyň bilelikdäki esaslandyryjysy we baş direktory. Ol häzirki zaman işewürlikde işewürlik-prosesleri optimallaşdyrmak we täze tehnologiýalary we çözgütleri ulanmak pudagynda taslamalary işläp taýýarlamak we meýilleşdirmek boýunça hünärmen. Programma çözgütlerini we mobil priloženiýalary işläp taýýarlamaklyk boýunça ýöriteleşdirilen CCS Solutions kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory. CouchCoach, MojeVino, MojaVizitKarta, S&N Winehouse, Zelena Maska / Green Mask startaplaryň esaslandyryjysy. CouchCoach Barselonada 2018-nji ýylda geçirilen TechChallenge Ýewroliganyň gatnaşyjysy we Wenada geçirilen B2B Software Days 2019-da ýewropa startaplaryň TOP8-ne saýlandy.

Amanmyradow Baýram

Hukukçy, telekeçi we maýa goýumdar “Degirmen Group” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Hytaýdan, Taýwandan we Polşadan Russiýa berkidijileri import etmek boýunça kompaniýanyň esaslandyryjysy hökmünde 2006-njy ýylda Türkmenistanda we Russiýada özüniň telekeçilik işine başlady. 14 ýylyň dowamynda gurluşyk, önümçilik, söwda we oba hojalyk bilen baglanyşykly taslamalaryň birnäçesine gatnaşdy. Häzirki wagtda onuň ýolbaşçylyk edýän Degirmen Group kompaniýasy söwda, teplisa hojalygy, dokma önümçiligi, azyk senagaty we täjirçilik gozgalmaýan emläkleriň kärendesi ýaly ugurlarda işleýär.

Daniel
Zareskiý

- Merkezi Aziýada köp ýyllap işlän, Täjigistanda Bütindünýä telekeçilik hepdesini (GEW) esaslandyran we geçiren amerikan telekeçi. GEW dünýäniň 170 sany ýurdunda işleýär. Mundan başga-da, ol Özbegistanyň Innowasion ösüş ministrligi üçin meýilnama ýazan toparda bardy we World Influencers Network (WIN)-iň bilelikdäki esaslandyryjysy bolup durýar. 2019-njy ýylda WIN Özbegistanda Abraýly adamlaryň bütindünýä kongresini taryhda ilkinji gezek geçirdi. 40 ýurtdan 100 sany öňdebaryjy abraýly adamlar Özbegistanda syýahatçylygy ösdürmek üçin kontent düşürmek maksady bilen Özbegistana geldiler we bu kontent dürli sosial torlarda millionlarça adam seretdi we onuň bahasy birnäçe million dollara ýetdi

Kirill
Skiba

RD-Lab-yň esaslandyryjysy 2004-nji ýyldan başlap ýokary tehnologiýalay çözgütler üçin taslama menejmenti bilen meşgullanýar. Şeýle-de 2008-nji ýyldan bäri simsiz tehnologiýalar çygryndaky taýýarlamalaryň menejmenti we olary önümçilige alyp barmak bilen meşgullanýar. 2015-nji ýylda taslamalary we önümçilikleri işläp taýýarlamak we alyp barmak boýunça öz kompaniýasyny açdy. Kompaniýalara işläp taýýarlamalar we önümçilikler bilen baglanyşykly taslamalary alyp barmaklyga ýardam berýär. 2 sany ýokary - ykdysady we radioelektronika ugry boýunça tehniki bilimi bar.

Robert Aleksandriýskiý

Jenap Robert Aleksandriýskiý – Gündogar Ýewropada we Afrikada ösüş taslamalarynda şahsy sektory ösdürmek boýunça ýigrimi ýyldan köp tejribesi bolan maslahatçy. Ol kärhanalar bilen meýdandaky işiň gidişinde gazanylan dünýä derejesindäki, döwlet we halkara guramalary bilen orta derejesindäki bilimlere eýelik edýär. Ol Bolgariýada, Moldowada we Nigeriýada bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak boýunça taslamalara gatnaşdy. Jenap Aleksandriýskiý Tunisde (2013-nji ýyl), Hytaýda (2014-nji ýyl), Kosowoda (2014/2017-nji ýyl), Efiopiýada (2015/2016-njy ýyl), Ugandada (2018-nji ýyl), Ganada (2019-njy ýyl) we Nigeriýada (2019-njy ýyl) geýimleriň we elde işlenen önümleriň öndürijilerine maslahat berip başlamak ozal Mozambikde (3 ýyl) we Bolgariýada (15 ýyl) telekeçi bolup işledi we Hytaýda (6 ýyl) okatdy.

Marat
Smagin

FBROKER.UZ-iň eýesi. Häzirki wagtda hereket edýän satuw ulgamlaryny döretmek we dolandyrmak boýunça 16 ýyldan köp garyşyk tejribesi bar. Onuň jemi bazasynda şahsy marketing dolandyrmasyna degişli bolan 22 million müşderi bar. Onuň ýolbaşçylygyndaky 47 sany hereket edýän ýolbaşçy iş döwründe top-menejer derejesine ýetdiler. Onuň portfelinde “0”-dan başlaýan 6 taslama we GDA-daky Merkezler kontaktynyň hereket edýän re-inžiniringi, “0”-dan başlaýan 2 sany paýtagt we 9 sany respublikan satuw ulgamlary bar. Strategik marketingde, esasy görkezijilerde bazaryň paýy boýunça Kompaniýanyň paradigmasynyň gaýtadan işe goýberilmeginde we umumy strategiýa sinhronlamasynda; GDA-nyň bazarlarynda gurluş taýdan üýtgetmelerde ýa-da eýesiniň meselelerinde gelip çykýan Kompaniýadaky hereket edýän prosesleriň guramaçylygynda we gaýtadan düzülmeginde baş çykarýar; şeýle-de täjirçiligiň ösüş gurallarynyň girizilmegi boýunça Kompaniýanyň içinde hereket edýän “gatnaşýan türgençi” işi bilen çemeleşýär.

Baýramow Agamurad

2009-njy ýylda esaslandyrylan “Nur Aziýanyň” Türkmenistandaky kompaniýalar toparynyň baş direktory. “Nur Aziýa” kompaniýalar topary - bu ozalky paýlaýjy kompaniýadan ösüp çykan önümçilik we söwda kompaniýasy. 2017-nji ýylda Agamurad Türkmenistandaky ilkinji suw gyzdyryjylaryň önümçiligine başlady. 2016-njy ýylda “Nur Aziýanyň” esasy işewürlik-sektory içki bazaryň şahsy sektorlary üçin ýyladyş enjamlarynyň üpjünçiligi boldy. Şeýle-de “Nur Aziýa” bütindünýä meşhur söwda nyşany bolan Aristonyň ýeke-täk paýlaýjysy boldy. “Nur Aziýa” Türkmenistanda “Deňiz” söwda nyşanly çyg süpürgiçleriň önümçiligi boýunça zawodyny açdy. Agamuradda Türkmenistanyň döwlet uniwersitetiniň fizika-matematika ylymlarynyň bakalawry derejesi bar.

Dritan
Mezini

Albaniýadaky we Kosowodaky DM Consulting Services (www.dm-consulting.biz) kompaniýasynyň esaslandyryjysy we ýerine ýetiriji direktory. Ol şeýle-de boş iş orunlar boýunça meşhur www.duapune.com onlaýn-portalyň esaslandyryjysy bolup durýar. Dritan ABŞ-nyň uniwersitetleriniň MBA we MPM – iki sany magitr derejesi we bakalawr derejesi bar. Dritan 1996-njy ýyldan 2004-nji ýyla çenli ABŞ-da ýaşady. Dritan Albaniýada, Kosowoda we sebitde sanly transformasiýa, startaplar, telekeçilik we innowasiýalar boýunça birnäçe çärelere işjeň gatnaşdy. Ol Albaniýada we sebitde geçirilen birnäçe startaplarda terbiýeçi we oturdaşy hökmünde gatnaşdy.

Marina
Şellest

500 müň dollarlyk maýa goýumly apparat serişdelerini öndürmek boýunça startapyň bilelikdäki esaslandyryjysy. Ol Kremniý jülgesinde (Kaliforniýa) 2 ýyl işledi. Hyzmat edýän IT-kompaniýalarda 7 ýyldan köp iş tejribesi bar. Ol Stenford uniwersitetinde okady.

Arian
Stipiç

Sanly maglumatlar boýunça maslahatçy. Kärhanalaryň arhitekturasyny we çözgütlerini dolandyrmak boýunça ýigrimi ýyldan hem köp tejribesi bolan, sanly işewürligiň transformasiýasyny dolandyrmak üçin resmi taýdan sertifikatlaşdyrylan sanly transformasiýa boýunça maslahatçy we ortaça (+5 million dollan), uly (+25 million $) we mega (+100 million $) taslamalaryň sanly transformasiýa çözgütlerini we taslamalaryň koordinasiýasy we meýilleşdirmesi, taslamalaşdyrylyşy, durmuşa geçirilmegi boýunça hemme taraplaýyn toparlary dolandyrýar. Ýokary derejeli dolandyryş, konsalting, IT-strategiýalary, işewürligi ösdürmek we programmalary dolandyrmak boýunça konsultasiýa bermeklige ýöriteleşdirilen programma üpjünçiliginiň satuwdan soňky taýýarlygy, satuwy we işlenip taýýarlanyşy pudagynda 20 ýyldan köp tejribesi bar. Kiçi we orta (50 adama çenli) köp milletli toparlara ýolbaşçylyk etdi we dolandyrdy. Gysga möhletleýin taktikany, düzümi we netijeleri däl-de, mümkin boldugyça, uzak möhletleýin strategiýany, konteksti, netijeleri we artykmaçlyklary özüne wezipe edinýär.

Olga
Goldina

Ukrainadaky 1-nji munisipal startap-merkezi “Startup Kharkiv”-iň baş direktory. Ol Ukrainanyň Startap Gaznasynyň eksperti, Startup Grind-iň bölüm müdiri, şeýle-de Future Females-de Ukrainanyň wekili we Ukrainian Hub-iň bilelikdäki esaslandyryjysy bolup durýar. Telekeçi Olga Goldina eýýäm 2008-nji ýylda özüniň ilkinji startapyny esaslandyrdy. Olga köplenç Ukrainada bolşy ýaly daşary ýurtda hem startaplaryň iň başky we başlangyç tapgyrlarynda terbiýeçi hökmünde meşgullanýar. Marketing, kommunikasiýa, işewürligi ösdürmek, taslamalary dolandyrmak, maýa goýumdarlar bilen gatnaşyklar, hyzmatdaşlyk, topar döretmek ýaly pudaklarda 15 ýyldan hem köp tejribesi bar.